Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liwiýa gatyşylmagy ýazgarylýar


Birleşen Ştatlar we onuň Ýewropadaky ýaranlary Liwiýanyň işlerine daşardan gatyşylmagyna garşy duýduryş berdiler.

Olar munuň demirgazyk Afrika ýurdundaky agzalalyklary çuňlaşdyrjagyny we onuň demokratiki geçişine zyýan berjegini aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň bilelikde çap eden beýanatynda bu ýurtdaky söweş we zorluk hadysalarynyň güýçlenmegi hem ýazgaryldy.

Geçen hepde, Tripoli aeroporty üstünde yslamçylar bilen milletçi milisiýanyň arasynda söweş gidýän wagtynda, näbelli söweş uçarlarynyň bu ýere iki sany howa zarbasyny urandygy aýdylýar.

Habarlarda yslamçy milisiýa garşy urlan howa zarbasynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Müsürdäki bazasyndan atylandygy aýdyldy.

Kair bu işe baglanyşygyny ret etdi, emma Birleşen Arap Emirlikleri hiç zat diýmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG