Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň aýaly soraga çagyryldy


Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň aýaly soraga çagyryldy.

Ýuliýa Nawalnaýa adamsynyň Twitter hasabynda 25-nji awgustda galdyran ýazgysynda özüniň derňew komitetine çagyrylandygyny we özünden iýun aýynda Nawalnynyň kwartirasyndan konfiskasiýa edilen plakat barada soralandygyny aýtdy.

Polisiýa bu plakatyň Wladimir şäherinde bir köçeden, Moskwadan 170 km çemesi uzaklykdaky ýerden ogurlanandygyny aýdýar.

Nawalny bu plakatyň özüne doglan gününde sowgat berlendigini we munuň özüne basyş görkzmek üçin gozgalan işdigini aýtdy. Nawalnynyň aýaly derňewçileriň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwrendigini, munuň öz konstitusion hukugydygyny aýtdy.

2013-nji ýylda ogurlykda aýyplanyp, şertli bäş ýyl iş kesilen Nawalny bu işiň özüne edilýän basyşlaryň dowamydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG