Türkiýäniň saýlanan prezidenti Rejep Taýyp Erdogan prezidentlige kasam kabul edýär.
Ol ýurduň halk köpçüligi tarapyndan geçirilen ilkinji prezident saýlawynda ýeňiji boldy.
Erdogan mundan öň 11 ýyllap premýer-ministr boldy. Inagurasiýa dabarasyna onlarça ýurduň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hem gatnaşýar.
Emma Birleşen Ştatlar bu dabara diňe öz ilçihana wekilini iberdi, günbatar Ýewropanyň ýolbaşçylary bolsa gelmeýär.