Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Orsýeti "harby hereketde” aýyplady


NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen Orsýeti Ukrainada “göni harby hereketlere” goşulmakda aýyplady we Moskwanyň “delilsiz ret etmelerine” özüniň kabul etmeýändigini aýtdy.

Rasmussen 29-njy iýulda Brusselde NATO-nyň Ukrainadaky krizis boýunça maslahatynyň yzýany eden çykyşynda: “Orsýetiň harbylarynyň we enjamlarynyň serhetden bikanun aşyrylandygy anykdyr” diýdi.

Rasmussen Moskwanyň Orsýete tarapdar separatistleri tank we artilleriýa bilen üpjün edýändigini, şeýle-de öz territoriýasyndan ukrain goşunlaryny oka tutandygyny aýtdy.

Orsýet Ukraina harby taýdan goşulyşmagy barada aýyplamalary “çaklama” diýip atlandyrdy we hususan-da şeýle diýdi: “Biz şeýle aýyplamalary ilkinji gezek eşitmeýäris. Ukrainada krizis başlanaly bäri bizi ähli zatda aýyplaýarlar”.

Rasmussen Ukrainanyň howpsuzlyk syýasatyna we NATO girmek islegine hormat bildirdi. Munuň öňüsyrasynda Ukrainyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk ýurduň NATO agza bolmagy üçin hökümetiň parlamentden rugsat sorajagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG