Türkmenistanda täze okuw ýylynyň birinji gününde çagalar, studentler okuwa başladylar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mekdep okuwçylaryna, studentlere we magaryf pudagynyň ähli işgärlerine Bilim we student ýaşlar güni, 2014-2015-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlag iberdi.
Bu ýyl mekdepleriň 1-nji klaslaryna 110 müňden gowrak çaganyň gelýändigi aýdylýar.
Şeýle-de bu okuw ýylynyň başynda onlarça täze mekdep, çagalar baglary dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizildi.
Resmi maglumatlara görä, täze açylýan 60-a golaý mekdebiň 32 müňe golaý çaga, täze çagalar baglarynyň bolsa 3255 çaga niýetlenendigi aýdylýar.