Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: "Kiýewi iki hepdede alyp bilerin"


Wladimir Putin, aýdylmagyna görä, Ýewropa Bileleşigine, eger özi buýruk berse, rus harbylarynyň Kiýewi iki hepdede alyp biljegini duýdurypdyr.

Italiýanyň "La Repubblica" gazeti 1-nji sentýabrda Putiniň Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroza "Eger men islesem, Kiýewi iki hepdede alyp bilerin" diýendigini ýazdy.

Gazet Putiniň bu sözleri Barroza bilen eden telefon gürrüňiniň dowamynda aýdandygyny, şeýle-de bu sözleriň ÝB-niň 30-njy awgustdaky sammiti mahalynda ýolbaşçylara ýetirilendigini ýazýar.

Gazetiň maglumatynda Putiniň haýbatynyň ÝB-niň Orsýete garşy sanksiýalarynyň güýçlendirilmek ähtimallygyna jogapdygy öňe sürülýär.

Kiýew bilen Günbatar hökümetleri Moskwanyň gündogar Ukraina öz esgerlerini iberendigini we orsýetçi separatistleri ýarag bilen üpjün edendigini aýdýarlar. Orsýet bu aýyplamalary inkär edýär.

ÝB liderleri sammitde, eger Moskwa esgerlerini yza çekmese, Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirmegi karar etdiler.

XS
SM
MD
LG