Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Orsýet Ukraina hüjüm edýär


NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen guramanyň Walesdäki sammitiniň öňüsyrasynda eden çykyşynda “Orsýet Ukraina hüjüm edýär” diýdi we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ok atyşygy bes etmek barada teklip eden planyna garamazdan, Ukrainanyň gündogarynda ýagdaýy dartgynlaşdyrmagy dowam etdirýändigini belledi.

Rasmussen Orsýetiň Ukraina babatyndaky sözleriniň däl-de, hakyky hereketleriniň möhümdigini belledi we sammitde NATO-nyň liderleriniň krizisiň agza ýurtlaryna ýetirýän howplaryna garşy durmak uçin ädimleri ätjegini, şol sanda “herekete taýýarlyk planyny” kabul etjekdigini mälim etdi. Agzalan planda NATO-nyň goşunlarynyň guramanyň gündogar ýurtlaryndaky harby bazalaryna gezek gezegine göçürilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de Rasmussen NATO-nyň liderleriniň Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşjakdygyny we guramanyň agzasy bolmadyk Ukraina bilen hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak boýunça bilelikdäki deklarasiýany kabul etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG