Owganystanda prezidentlige dalaşgär Abdylla Abdylla öz bäsdeşi Aşraf Ghani bilen gepleşikleriň bütewi milli hökümeti düzmek meselesinde netije bermändigini aýtdy. Dalaşgärler 14-nji iýunda bolan prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňişiň üstünde dawa edýärler.
Abdyllanyň saýlaw toparynyň metbugat- wekili Fazel Rahman Orya 8-nji sentýabrda bolan duşuşygyň netijeleriniň “düýpden negatiw” bolandygyny AÝ/AR aýtdy.
Dalaşgärleriň bu duşuşygy ýurduň saýlaw resmileriniň Owganystanyň dawaly prezidentlik saýlawlaryna degişli 8 million sesiň barlanyp, gaýtadan sanalmak prosesiniň doly tamamlanandygy barada 4-nji sentýabrda yglan edensoň geçirildi.
Saýlaw komissiýasynyň gutarnykly netijeleri şu hepdede yglan etmegine garaşylýar.
ABŞ-nyň araçylygynda Abdylla we Ghani sesleri barlamak prosesiniň netijelerini kabul edip, milli bütewilik hökümetini düzmegi wada berdiler.