Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Gazagystana sapar edýär


Eýranyň prezidenti Hasan Rohani Gazagystana resmi sapar edýär.

Rohaniniň Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşygynda regionyň howpsuzlygyna we şu aýda Orsýetde boljak Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň öňüsyrasynda Hazar deňziniň statusyna degişli meseleleriň, şeýle-de Gazagystanyň we Eýranyň arasynda özara söwdany artdyrmak meselesiniň maslahat ediljekdigi habar berildi.

Rohaniniň 8-nji sentýabrda başlanan bu sapary onuň prezident hökmünde Gazagystana ilkinji saparydyr. Onuň Merkezi Aziýa ilkinji sapary 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Gyrgyzystana edilipdi.

Rohani Gazagystandan soň Täjigistan sapar eder. Hepdäniň aýagynda Täjigistanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçiriler. Eýran bu gurama synçy statusynda gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG