Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şoýgu: Malaziýaly uçara Ukraina jogapkär


Orsýetiň goranmak ministri Malaziýanyň ýolagçy uçarynyň Ukrainanyň gündogarynda iýul aýynda heläkçilige uçramagyna Ukrainanyň jogapkärdigini aýtdy.

Sergeý Şoýgu heläkçilik “Ukrainanyň howa giňişliginde boldy we bolan waka üçin onuň özi doly derejede jogapkär” diýdi.

Kiýew we günbatar döwletleri hökümet güýçlerine garşy söweşýän orsýetçi separatistleri Orsýetden alnan raketalar bilen uçary ýalňyşlyk bilen urup ýere gaçyrmakda aýypladylar. 17-nji iýulda bolan heläkçilikde uçaryň 298 ýolagçysy wepat boldy.

Şoýgu Ukrainanyň öz içerki problemalaryny ýarag ulanmazdan çözen ýagdaýynda şeýle tragediýanyň bolmajagyny belledi.

Şoýgu bu çykyşyny 10-njy sentýabrda Moskwada Malaziýanyň goranmak ministri bilen uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewleri barada geçiren geleşikleriniň dowamynda etdi.

Gollandiýaly derňewçiler 9-njy sentýabrda ýaýradan ilkinji hasabatynda uçaryň “ýokary energiýaly obýektlerden” zeper ýetip ýere gaçandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG