Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: McDonald's boýunça 80 iş gozgaldy


Orsýetiň azyk agentligi tutuş ýurt boýunça McDonald's restoranlarynda arassaçylyk gözegçiligine degişli barlaglar bilen baglylykda şirketlere we şahsyýetlere garşy 80 sany administratiw işi gozgady.

Orsýetiň mediasy Rozportebnadzor agentligine salgylanyp, McDonald's naharhanalaryndan alnan 228 sany azyk nusgasynyň barlanandygyny we olardan 6.5% adamyň saglygy üçin howply, diýlip kesgitlenendigini habar berdi.
Orsýetiň 85 şäherinde işleýän 435 sany McDonald's restoranlaryndan sekizi ýapyklygyna galýar.

Rospotrebnadzor olaryň ýapylmagynyň arassaçylyk şertleri bilen baglydygyny aýdýar, emma bu waka Ukrainadaky krizise we Orsýetiň döwlet mediasynda Günbatara garşy propagandanyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG