Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG gözegçilerini köpelder


Gündogar Ukrainadaky çalymydar ýaraşyga gözegçilik etmek üçin has kän halkara gözegçisi we ýaragsyz dronlar, ýagny pilotsyz uçarlar ýerleşdiriler.

Bu habar 13-nji sentýabrda, ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen şweýsar prezidenti we häzir ÝHHG-a başlyklyk edýän Didier Burkhalter duşuşandan soň ýaýradyldy.

Poroşenkonyň edarasy ukrain lideriniň, 5-nji sentýabrda baglaşylan ýaraşyga has gowy gözegçilik etmek üçin, ÝHHG-a gündogar Ukrainadaky gözegçileriň sanyny köpeltmäge, ol ýerde dronlary ýerleşdirmäge rugsat berendigini aýtdy.

Burkhalter ÝHHG-nyň Donetsk we Luhansk regionlarynda ýaraşyga gözegçilik edýän 70 gözegçisiniň bardygyny aýdýar. Dronlaryň bolsa, ukrain-rus serhedine gözegçilik etmekde ulanyljagy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG