Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatly ýerler topa tutulmaz


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi goşuna, asuda adamlaryň goragy üçin, «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň kontrollugyndaky ýaşaýyş massiwlerini topa tutmagy duruzmagy buýurdy.

Abadi 13-nji sentýabrda bu buýrugy iki gün ozal berendigini aýtdy. Emma ol ýurduň demirgazygynda we günbatarynda uly territoriýany eýelän jeňçilere garşy harby operasiýany dowam etdirjegini aýtdy.

Yrak goşunlary, amerikan uruş uçarlarynyň goldawy astynda, soňky hepdelerde «Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy harby operasiýany güýçlendirdiler.

Abadiniň 8-nji sentýabrda tassyklanan hökümeti, mezhep dartgynlyklaryny azaldyp, jeňçilere garşy bütewi front döretmek üçin, kürtleri we sünnileri hem öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG