Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Goşun gullugyna cagyryş yglan edildi


Türkmenistanda “Möhletli harby gullugyndan geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çekmek barada nobatdaky çagyryşy” barada karara gol çekildi.

Karara laýyklykda harby gullygyny berjaý eden raýatlary 2014-nji ýylyň oktýabr-dekabr aralygynda Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda harby gullukdan boşatmak tabşyrylýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň 18 ýaşly we harby gullukdan galmaga haky bolmadyk raýatlaryny we harby gullukdan galmak rugsadyny ýitiren raýatlary goşun gullugyna çagyrmaga görkezme berilýär.

Türkmenistanda harby gulluga çagyrylýan we gullukdan boşadylýan ýaşlaryň sany barada resmi maglumat berilmedi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanda alternatiw gullugyň ýokdugy sebäpli dini ynançlary bilen baglylykda harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlaryň tussag edilmegine aladalanma bildirýärler. Dini meseleler boýunça “Forum 18” täzelikler agentligi Türkmenistanda harby gullukdan boýun gaçyrmagy sebäpli häzirki wagtda azyndan ýedi adamyň türmede saklanýandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG