Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyga "ýok" diýildi


"Hawa" we "Ýok" seslerini görkezýän plakatlar.
"Hawa" we "Ýok" seslerini görkezýän plakatlar.

Şotlandiýa, bütin dünýäniň ünsüni özüne çeken we ýurdy iki bölege bölen çekeleşikli saýlawda, garaşsyzlykdan ýüz öwrüp, Birleşen Patyşalygyň, Britaniýanyň içinde galmaklyga ses berdi.

18-nji sentýabrda geçirilen taryhy referendumyň jemlenmäge golaýlan netijeleri «Ýok» diýen topara girýänleriň ses berenleriň içinde 55 prosent çemesidigini görkezdi.

"Şotlandiýanyň köpçüligi häzirki pursatda garaşsyz ýurda öwrülmezligi karar etdi. Men adamlaryň bu hökümini kabul edýärin" diýip, Şotlandiýanyň garaşsyzlyga tarapdar Milli partiýasynyň lideri Aleks Salmond Edinburgda garaşsyzlygyň tarapdarlaryna aýtdy.

Britaniýa bilen 307 ýyllyk bileleşigi soňlamak ugrundaky synanyşykda ýeňlişi kabul edip, Salmond Britaniýanyň Şotlandiýa has giň ygtyýarlyk bermegi baradaky 11 sagatlyk wadalarynyň ýerine ýetirilmegine basyş etdi.

"Şotlandiýa bu wadalaryň gyssagly ýagdaýda ýerine ýetirilmegine garaşar" diýip, ol aýtdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron özüniň Şotlandiýanyň garaşsyzlykdan ýüz öwürmeginden «hoşal bolandygyny» we Angliýanyň öz demirgazyk goňşusyna has giň ygtyýarlyk bermek baradaky wadalaryna eýerjegini aýtdy.

"Biziň Birleşen Patyşalygymyzyň soňlananyny görmek meniň ýüregimi awutjakdy" diýip, Kameron aýtdy.

Kameron 16-njy sentbýarda Şotland parlamentine, eger-de «ýok» diýlen ses berilse, salgyt salmak, serişde harçlamak, sosial goraglylyk ýaly esasy ugurlarda has köp ygtyýarlyk bermegi wada berdi hem bu baradaky kanun taslamalarynyň ýanwar aýynda çap ediljegini aýtdy.

Şotlandiýanyň garaşsyzlygyna garşy ses berilmegi «bu çekişmäniň bir nesliň ömür dowamy üçin çözülendigini» aňladýar diýip, ol aýtdy.

Emma «hawa» diýip ses berenleriň köpüsi özleriniň ýene-de garaşsyzlyk üçin ses bermek we indiki gezek başga netije gazanmak umydyny elden bermeýändiklerini aýtdylar.

Şotlandiýanyň Milli partiýasynyň başlygynyň orunbsary Nikola Störjen (Nicola Sturgeon) "bu ýerde hakyky lapykeçlik duýgusynyň bardygyny, sebäbi “hawa” sesini almaga gaty golaý barlandygyny» aýtdy.

Emma ol netijeleriň «Şotlandiýada özgerişlik üçin bir işdä bardygyny görkezendigini» aýtdy we «Meniň pikirimçe, bu ýurt ömürlik özgerdi» diýdi.

Ir säher sagatlary ses berişligiň netijeleri aýdyňlaşanda, Kameron Şotlandiýanyň garaşsyzlyga garşy kampaniýasynyň lideri Alistair Darlingi gutlady.

Darling muny «möhüm karar» atlandyrdy we saýlawçylar «bigerek bölünişige garanda oňyn özgerişligi» saýlap aldylar diýdi.

"Hawa" kampaniýasy Glazgowda, Şotlandiýanyň iň uly şäherinde ýeňdi, emma garaşsyzlygyň garşydaşlary paýtagt Edinburgda we Salmondyň dogduk şäheri Aberdinde köp ses gazandylar.

«Ýok» habary Britaniýanyň pul birligi bolan funtuň Aziýa bazarlaryndaky hümmetini ýewronyň garşysynda iki ýyldaky ýokary derejesine galdyrdy.

XS
SM
MD
LG