Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý täze herekete başlaýar


Ozalky rus tütjary Mihail Hodorkowskiý 20-nji sentýabrda, prezident Wladimir Putiniň häkimiýet gysajyny synaga saljak bir işe, ýewropa tarapdar orsýetlileri birleşdirýän herekete başlady.

Bir zaman Orsýetiň iň baý adamy bolan Hodorkowskiý häzir bosgunlykda ýaşaýar we, geçen ýyl on ýyla çeken tussaglygyndan boşanda, syýasatdan daşda durmagy wada beripdi.

Ol Parižde öz «Açyk Orsýet» hereketiniň açylyşynda eden çykyşynda «eger-de guramaçylykly bolsa, azlyk täsirli bolup biler» diýdi.

Häzir Şweýsariýada ýaşaýan Hodorkowskiý öz täze proektiniň syýasy partiýa däl-de, eýsem pikirdeş adamlaryň internet «platforomasy» boljagyny nygtady.

Rus aktiwstleri we tanymal emigrantlary, şol sanda Parižde ýaşaýan ykdysatçy Sergeý Guriýew, Londonda ýaşaýan biznesmen Ýewgeniý Çiçwarkin dagy hem üç sagatlyk internet dabarasyna goşuldy.

XS
SM
MD
LG