Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Hüjümde sekiz adam öldi


Pakistanyň aňtaw gullugynyň resmileri Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy diýlip güman edilýän hüjümde azyndan sekiz şübheli söweşijiniň öldürilendigini habar berýärler. Bu waka Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýyndaky tire-taýpalar regionynda bolup geçdi.

Pakistanyň iki resmisiniň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän howa zarbasy 24-nji sentýabrda Demirgazyk Waziristanyň Datta Hel etrabyndaky bazarda amala aşyrylypdyr.

Pakistanyň ýarymawtonom tire-taýpalar sebiti ençeme ýyl bäri yslamçy söweşijileriň, şol sanda “Al-Kaýda” we “Tehrik-e-Talyban Pakistan”, şeýle-de özbek we uýgur ýaly daşary ýurt söweşijileriň buky ýeri hasaplanylýar.

Iýun aýynda Pakistanyň harbylary söweşijileriň territoriýalaryna garşy operasiýalary başlatdy. Pakistanyň armiýasy bu operasiýalarda 1 müňden gowrak söweşijiniň öldürilendigini aýdýar. Emma bu maglumatlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

XS
SM
MD
LG