Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Ermenistany tankytlaýar


Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadýarow BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýana Dagly-Garabag konflikti meselesinde gaýtawul berdi.

Mammadýarow Sarkisýanyň «öz ýurdunyň Garabagy anneksiýa etmek synanyşygyny byssyr-ýussur etmek üçin öz ykbalyňy kesgitlemegiň hoşniýetli prinsipini nädogry ulanýandygyny» aýtdy.

Sarkisýan hem 24-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Garabag meselesinde Azerbaýjany tankyt etdi, ýagny Baku bu konfliktiň çözülmeginiň öňüni aldy diýdi.

Mammadýarow öz 10 minutlyk çykyşynyň ýaryny Garabag meselesine bagyşlady.

Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen territoriýasynda ýerleşýän Dagly-Garabagda indi tutuşlygyna diýen ýaly etniki ermeniler ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG