Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'Wena balyna' myhman boldy


Anna güni Aşgabatda ikinji gezek 'Wena baly' gurnaldy we oňa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman boldy.

Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Bu medeni çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Awstriýa-Türkmenistan jemgyýetiniň bilelikdäki tagallaray netijesinde, Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramyna we Türkmenistan bilen Awstiriýanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň wizit kartoçkasy hasaplanýar.

Aşgabatdaky 'Wena baly' «Berkararlyk aýdymy» bilen jemlendi we prezident Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

XS
SM
MD
LG