Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tankyda garşy fatwa çykaryldy


Täjigistanyň baş müftisi prezident Emomali Rahmonyň režimini tankytlamaga garşy fatwa çykardy.

Baş müfti Saýdmukarram Abdulkodirzoda, Täjigistanyň musulmanlarynyň döwlet tarapyndan saýlanan başlygy 27-nji sentýabrda žurnalistlere «dolandyryjy häkimiýetleri tankytlamak uly günä hasaplanar» diýdi.

"Tankyt häkimiýetlere bolan ynamyň aşagyny köwýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Abdulkodirzoda bu fatwany anna namazy mahalynda, paýtagt Duşenbedäki baş metjitde çykardy.

Täjigistanyň oppozisiýadaky Yslam gaýtadan döreýşi partiýasy bu fatwanyň häkimiýetleriň buýrugy esasynda çykarylandygyny aýtdy.

Täjik häkimiýetleri giň ýaýran işsizlik esasynda ýaş musulmanlaryň radikallaşmagyndan howatyr edýärler. Soňky üç aýda 10 çemesi täjik ýigidiniň Siriýada, oppozisiýanyň tarapyndaky söweşde öldürilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG