Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erotikasyz, söýüşmesiz, gan dökülmezden...


Aýgün Aslanli
Aýgün Aslanli

Eýranlylaryň serhetden geçen badyna horjunlaryny alkagolly içgilerden doldurýandyklary, zenanlarynyň bürenjeklerini çykaryp, makiýaž edýändikleri barada gürrüňleri eşidýärdik.

Ynha, şol gadagançylyklar ýurdunda sungatyň iň azat, erkin, galyba sygmaýan bir görnüşi kämilleşdi.

Yslam ülkesinde döwrebap kino düşürmek

"Kino+" gazetinde işlän wagtymyz, 90-njy ýyllardaky bulaşyklyklardan soň özüne gelip bilmeýän Azerbaýjanyň kino sungatyndan söz açanymyzda, bu ýagdaýdan çykalga gözlänimizde, çykgynsyz ýagdaýy eýran kinosy bilen deňeşdirýärdik.

Eýran biziň üçin şerigat kanunlarynyň astynda ezilýän ýurtdy. Ol ýerde adamlar daşlanmak bilen jezalandyrylýar, gülşüp aýdyşlaryna görä, adamlarda jynsy isleg döretmesin diýip, dükanlaryň witrinalarynda goýlan plastik manekenleriň göwüsleri kesilýär, bürenjek geýdirilýär, zenanlar bu dünýä diňe gara bürenjekleriň astyndan garaýarlar.

Bu ýurtda, haýsy ideýa gulluk edýändigine garamazdan, gozgalýan problemany açyk sahna çykarýan, açyk suratlandyrýan kinofilmler, yslam kadalaryna gabat gelmeýän edebiýat gadagandy. Eýranlylaryň serhetden geçen badyna horjunlaryny alkagolly içgilerden doldyrýandygy, zenanlarynyň bürenjegini açyp, boýanýandyklary barada gürrüňleri eşidýärdik.

Şeýle gadagançylyklar ülkesinde sungatyň iň azat, erkin kadalara sygmaýan bir görnüşi ösüşe eýe boldy. Eýsem, ýönekeý bir ösüşem bolman, eýsem fenomene öwrüldi, ýagny gaty meşhurlyk gazandy - ýalaňaç zenanlar bolmazdan, erotikasyz, söýüşmesiz, gansyz.

Abbas Kiarostami
Abbas Kiarostami

Günsaýyn rehimsizleşýän, bu ugurda örüsini giňeldýän dünýä kinosy bir tarapa, sada, adamkärçilikli duýgylary wasp edýän, gumanizm barada söz açýan eýran kinosy - Abbas Kiarostami, Mühsin Mahmalbaf, Mejit Mejidi, Bähram Kubady bolsa beýleki tarapdady.

Hatda Azerbaýjanyň režisýorlary olaryň tilsimlerinden peýdalanýardylar. (Elçin Musaoglunyň "40-njy gapy", Ali Isa Jabbarowyň "Toý" kinofilmleri).

Maksat-myratlaryna ýetdilermi–ýetmediler, bu eýýäm başga temady. Ýöne şol tilsimleri özleşdirmegi, öz ýörelgelerimize öwrüp, ondan täze eserler döretmekligi başaryp bilmändigimiz indi syr däl. Eýran kinosynyň gün tertibinden çykyşy ýaly, režissýorlarymyz hem ony bireýýäm unutdylar, ünslerini başga tarapa - Triýere, N.B. Jeýlana, Zwýakintsewe gönükdirdiler. Eýse, bu näme üçin?

Belki, deňeşdirmeklik babatda obýektiwligimiz nädogrudyr? Has dogrusy, adatda bolşy ýaly käbir işiň aňyrsyna ýetip bilen däldiris? Derrew sagalmak isleýän hassa ýaly elimizdäki dermany içmäni unutmaga synanyşandyrys?

Aslynda Azerbaýjan kinosy, ylaýta-da häzirki ýagdaýda Eýran kino sungatynyň Yslam rewolýusiýasyna çenli bolan döwrüni ýada salýar.

Muzafereddin şa
Muzafereddin şa

Turuwbaşdan şuny aýratyn belläp geçmek gerek, ýagny Eýranda kino sungatynyň resmi taýdan döreýşi 1900-njy ýyl hasaplanýar. Şol ýyl Fransiýa sapar gurnan Muzafereddin şa Kontrekswilde tölänleýin kino düşürýän enjamy görýär. Enjama haýran galan we öz gündeligine "bu enjamlar diwarda hereket edýän adamlary görkezýärler" diýip ýazan Eýran şasy, köşk fotografy Mürze Ybraýym hana kino düşürýän enjamdan satyn almagy tabşyrýar. Proýektor, ýagny kino düşürýän enjam bilen bilelikde montaž enjamlaryny hem alan Mürze Ybraýym hanyň şanyň buýrugy esasynda ilkinji eden işi-de her ýyl gurnalýan gül baýramçylyk çärelerini we "adamlara gül zyňýan ýaş gyzlary" kino düşürmeklik bolýar.

Şeýlelik-de Mürze köşk durmuşyny, Muzaffereddin şanyň resmi we resmi däl ýagdaýlaryny, edýän işlerini kino lentasyna düşürmäge başlaýar we şol düşüren kinolaryny öz öýüniň haýatynda gyzyklanýanlara gözkezýär. Ol wagtlar tomaşaçylar esasan asylzadalardan, ýokarky gatlagyň agzalaryndan ybarat bolupdyr.

1905-nji ýylda bolsa Tähranyň Gerrakkaz meýdançasynda ilkinji kinoteatr açylypdyr. Tomaşaçylary ýere ýazylan halylaryň üstünde oturyp, kino tomaşa eden bu kinoteatryň ömri gaty gysga bolupdyr. Birnäçe aýdan soň syýasy sebäplere görä (Mürze binýady kanunlara esaslanýan monarhiýanyň tarapdary bolupdyr we rewolýusionerlere ýardam edipdir), çakdanaşa dinçi metbugat toparynyň gatnaşmagynda şol kinoteatr ýapylypdyr. Soňra şanyň esgerleri tarapyndan ähli tehniki enjamlar konfiskasiýa edilip, hanyň özi-de sürgüne iberilipdir. Bu hadysa Eýran kinosynyň 60-njy we 70-nji ýyllara çenli bolan täleýi üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Köşkdäkileriň dynç alyş adaty ýaly dörän kino sungatynyň ösüşi 60-njy we 70-nji ýyllara çenli döwlete ymtylýan şalaryň, olaryň aýallarynyň keýpleriniň çeşmesi bolupdyr.

Ýurtda kino sungaty döredijiliginiň, umuman alanyňda şeýle özboluşly aýratynlyklara eýe onýyllyklardan ybarat taryhy bar.

Özbaşdak işlemek isleýän režissýorlar bolsa bir ýa-da iki kinofilmden soň şeýle niýetinden el çekipdir, ýurdy terk edipdir ýa-da sungaty.

Abdulhüseýin Sepenta, eýran ermenisi Owanes Ohaniýan, Ybraýym Muradi şolaryň käbirleridir. Owanes Ohaniýan kino sungatyny Moskwada öwrenipdir we 1925-nji ýylda kino düşürmeklik üçin watanyna dolanypdyr. Beýik kino sungatyny döretmek isleýän O. Ohaniýan bu ugurdan kadrlara mätäçlik çekilýändigini bilýärdi we onsoň ol Tähranda “Parvareshgahe Artistiye cinema” (Kino artistlerini taýýarlaýan merkez) atly mekdep açypdyr.

"Abi we Rabi" filminden kadr
"Abi we Rabi" filminden kadr

Ol "Abi we Rabi" (1929) atly birinji kinofilmi şu mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde surata düşüripdi. Kino taryhçysy Kafariniň ýazmagyna görä, şeýle-de Eýranyň ilkinji poetiki kinofilmi bolan "Abi we Rabi", "Pet we Paterson" atly daniýaly gülkünç personažlara öýkünilmeginden ybaratdy. Şeýle-de arryk, uzyn boýly Abi bilen keltejik Rabiniň çagalyk hereketleri barada senariý ýazylypdyr.

"Abi we Rabi" kinofilminiň şowly bolmagy režissýory täzeden kameranyň arkasyna geçmäge ruhlandyrypdyr. O. Ohaniýan 1933-nji ýylda mekdebiň ikinji tapgyr uçurymlary bilen bilelikde "Kinoaktýor Hajy aga" atly nobatdaky komediýasyny surata düşüripdir.

Turuwbaşdan kino sungatyna şübhe bilen garan, emma soň özi hem aktýor bolan bir konserwatiw adam hakda gürrüň berýän şol kinofilm şowly bolmaýar we girdeji getirmeýär. Ohaniýan geljekki uçurumlar üçin serişde tapyp bilmeýär we Hindistana göçýär.

Eýrandaky ilkinji sesli kinofilmiň eýesi Abdulhüseýin Sepentanyň ykbaly hem ermeni kärdeşiniňkiden kän tapawutly bolmandyr.

"Lor gyzy" filminiň afişasy
"Lor gyzy" filminiň afişasy

20-nji ýyllaryň ortasynda gadymy pars dilini öwrenmek üçin Hindistana giden we ol ýerde hem ýaňy-ýaňy döremäge başlan kino sungaty bilen tanyş bolan Sepentada režissýorlyk höwesi döreýär. Bombeýde kärdeşi Ardeşir Irani bilen bilelikde "Lor gyzy" atly kinofilmi surata düşürýär.

Eýranda tomaşaçylar tarapyndan gaty gowy görlen "Lor gyzy" kinofilmi iki ýyllap ekranlardan aýrylmaýar. Hindistanda "Imperial film" kino firmasynyň islegi boýunça ýene dört kinofilmi surata düşüren režissýor ("Firdöwsi", "Şirin bilen Perhat" - 1934, "Gara gözler" - 1935, "Leýli-Mejnun" - 1936) 1936-njy ýylda öz kino firmasyny döretmekligi maksat edinip Eýrana gaýdanda, ne döwletden, ne-de hususy pudakdan goldaw alyp bilýär. Şondan soň maşgala güzeran üçin kinony taşlamaly bolýar.

"Firdöwsi" kinofilmine bolsa, Mahmyt şa Gaznawy bilen Firdöwsiniň çekeleşikli sahnasy sebäpli Ryza şanyň göwnüne ýaramanlygy sebäpli, çäklendirme girizilýär.

Abdylhüseýin Sepenta kino sungatyna 1968-nji ýylda 62 ýaşynda täzeden gaýdyp gelýär. 8 mm kinolenta surata alýan kamerasy bilen daş-töwereginde bolup geçýän ýagdaýlary surata düşürýär. Emma onuň şol kinofilmi hiç wagt ekranlarda görkezilmeýär.

Iň gyzykly ýeri hem, ynha, şu ýerde, ýagny 1960-njy ýyllara çenli takmynan 25 doly metražly komediýa kinofilmi surata düşürilipdir we ýurtda kinoteatrlaryň sany hem ýyldan-ýyla artypdyr. (Eýsem, bu tanyş ýagdaý dälmi?)

Daşary ýurt kinofilmleriniň kömegi bilen tomaşaçy gatlagy emele gelipdir. Hatda 1926-njy ýylda zenanlar hem kino gidipdirler.

Ali Wekili atly kinoteatr eýesi ilkinji gezek zenanlara hem kinozalda orun aýrypdyr. Kino şondan soň diňe ýokary gatlagyňky bolman, eýse ol her bir adam üçin elýeterli bolupdyr we islän adam oňa tomaşa edip bilipdir.

1950-nji ýyllardan owal Jorj Sadulun "Eýran kino senagatynyň atasy" diýip atlandyrylýan Ysmaýyl Kuşanyň "Puşman" (1954), "Ahyrky gepleşik", M. Muhseniniň "Ekin bilbili" (1957), "Söýgi ogrulary" (1959) kinofilmleriniň şowly ädimlerinden soň kinomatografiýa hem garaýyş üýtgäpdir.

Hindi kinolarynyň tilsiminde surata düşürilen şol kinofilmleriň şowlulygy kinomatografiýadan gazanç edilip bilinjekdigini-de subut edipdir. Şeýle-de kino biznesiniň we kinofilm önümçiliginiň ösmegine hem sebäp bolupdyr.

Birnäçe ýyl soň - "60-njy ýyllardan öň - ýurtda işlän 7 kinostudiýada her ýyl komediýa, melodrama we adaty dramaturgiýa žanrynda sazly şowhundan ybarat ýetmiş kinofilm surata düşürilipdir we bu filmler ýerli kino bazary bilen bir hatarda Ýakyn Gündogar ýurtlaryna hem eksport edilipdir. Bu bolsa kino senagatynyň ýaýramagyna hem uly mümkinçilik döredipdir.

Şol döwürden başlap Günbataryň ykdysady ünsüni özüne çeken Eýran kinosynda hem döwrebaplyk usulynyň ilkinji alamatlary göze ilipdir we jemgyýetçilik durmuşynyň talaplaryna hem öz täsirini ýetiripdir.

Şonuň bilen bir hatarda daşary ýurt kinofilmleriniň ýurda getirilmegine girizilen çäklendirmäniň aýrylmagy bolsa, dünýä bilen bütewüleşmäge, ýagny integrasiýa mümkinçilik döredipdir" (A. Dadaşow "Eýran kinosynyň ösüş alamatlary").

Şirazda kinoteatry
Şirazda kinoteatry

Bütin bu ähli geçilen sepgitler, tapgyrlar hususy pudakda we ýaşlaryň arasynda kino bolan ünsüň güýçlenmegine sebäp bolýardy. Şol sanda italýan neorealizminiň täsiri bilen bütin gadagançylyklara, represiýalara, ýagny gysyşlara hem çäklendirmelere garamazdan, indi Eýranda hem jemgyýetçilik meselelerini gozgaýan çynlakaý kinofilmler surata düşürilýärdi.

Ferruh Gaffary "Şäheriň çet böleginde" (1958), "Küýkiniň gijesi" (1963), Ybraýym Gülüstani "Garlawaçlar höwürtgesine gaýdar" (1964), "Toprak we aýna" (1966), Mesut Kemýaýe "Sezar" (1969), Darýuş Mehrjuýi "Sygyr" (1970) kinofilmleriniň üsti bilen Yslam rewolýusiýasyndan on-on bäş ýyl soň dünýä kinosynyň hatarynda fenomen ýaly meşhurlygy bilen özüne orun alan Eýranyň täze kino sungatynyň akymynyň düýbüni tutmagy başarypdyrlar.

Emma bu eýýäm düýbünden başga tema.

XS
SM
MD
LG