Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa Palestinany ykrar edýär


Palestinanyň uly derejeli gepleşikçisi Şwesiýanyň palestin döwletini ykrar etmek karary «batyrgaýlyk» boldy diýdi, emma ABŞ seresaplyga çagyrdy.

Şwesiýanyň täze premýer-ministri Stefan Loefwen 3-nji oktýabrda parlamente eden inagurasiýa ýüzlenmesinde «iki döwlet çözgüdi özara ykrar edilmegini we bilelikde parahatçylykly ýaşaşmak islegini» talap edýär diýdi.

Palestin gepleşikçisi Saýeb Erakat "Biz şwed premýer-ministriniň beýanatyny mübärekleýäris" diýdi we ÝB-niň beýleki döwletlerini hem şu göreldä eýermäge çagyrdy.

Bu ädim Şwesiýany ÝB-niň agzasy bolmak bilen bir hatarda Palestin döwletini ykrar eden ilkinji ýewropa ýurduna öwürýär.

ÝB-niň birnäçe döwleti, şol sanda Wengriýa, Polşa, Slowakiýa hem Palestinany ykrar etdi, ýöne olar bu işi 28 agzaly bloga goşulmankalar edipdiler.

Emma Waşington täze Palestin döwletini ykrar etmekden entek «irräk» boljagyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG