Demirgazyk we Günorta Koreýalar ýokary derejedäki resmi gepleşikleri dikeltmek barada ylalaşyga geldi.
Bu gepleşikler ýedi aý ozal togtadylypdy. 4-nji oktýabrdaky ylalaşyk Demirgazygyň resmileriniň Günorta Koreýadaky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna eden garaşylmadyk saparyna gabat geldi.
Günorta Koreýanyň Birleşdirmek ministrligi Demirgazygyň resmileriniň gepleşikleri oktýabryň aýagynda, noýabryň başynda gaýtadan başlamaga isleg bildirendiklerini aýtdy.
Demirgazygyň delegasiýasyna iki sany ýokary derejeli resmi ýolbaşçylyk edýärdi, olar ýurduň lideri Kim Joň-anyň ýakyn kömekçileri hasaplanýar.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok