Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kobani entegem YD-nyň gabawynda


4-nji oktýabrda ABŞ-nyň täze howa zarbalaryny urandygyna garamazdan, «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri Siriýanyň Türkiýe bilen serhetdäki Kobani şäherini topa tutmagy dowam etdirdiler.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň uruş uçarlary öten agşam pitneçileriň hüjümini duruzmak üçin YD nyşanalaryna zarba urmagy dowam etdirdiler.

Mundan ozalky zarbalar pitneçileriň ilerlemesini togtadyp bilmedi. Hasaplamalara görä, 180 müň çemesi adam serhetden aşyp, Kobaniniň töweregindäki söweşlerden gutulmak üçin Türkiýä geldi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdeniň Türkiýe Siriýadaky «Al-Kaýda» bilen ilteşikli toparlary goldady diýen sözlerini gaharly garşylady.

Baýden 4-nji oktýabrda özüniň Erdogana telefon edip, bu sözleri üçin ötünç sorandygyny aýtdy. Şu arada türk kürt protestçileri we siriýaly kürt bosgunlary serhetde türk serhet howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.

XS
SM
MD
LG