Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain ýaraşygyna howp abanýar


Bir aýlyk ýaraşyga garamazdan, gündogar Ukrainada, orsýetçi separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasynda Donetsk aeroportunyň üstünde söweş barýar.

Ukrainanyň harby sözçüsi Andriý Lisenko 4-nji oktýabrda, geçen 24 sagadyň dowamynda bu desganyň üstünde barýan darkaşda iki hökümet ýesgeri bilen 12 separatistiň öldürilendigini aýtdy.

Geçen hepde söweşde top we raketa zalplary ýygjamlaşdyryldy, separatistler hem aeroportuň esasy terminalyny oka tutmak üçin tanklary ulandylar.

Donetsk şäheriniň geňeşi 4-nji oktýabrdaky artilleriýa hüjüminiň şäherde iki sany asuda adamy öldürendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG