Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Kanun taslamasyna garalýar


7-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň parlament komiteti geý “propagandasyny” gadagan edýän kanun taslamasyny tassyklady.

Gürrüňi edilýän kanun taslamanyň awtorlarynyň biri Kurmanbek Dýikanbaýew (Kurmanbek Dyikanbaev) Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda taslamanyň maslahat edilmegi üçin parlamente ugradyljakdygyny we ol parlament tarapyndan tassyklanyp, Gyrgyzystanyň prezidenti tarapyndan gol goýulsa, taslamanyň kanun görnüşinde güýje girjekdigini aýtdy.

Kanun taslamasy “däp bolmadyk jynsy gatnaşyklaryň propagandasyny” edenleri 1 ýyla çenli türme tussaglygy bilen jezalandyrmagy göz öňünde tutýar.

Şeýle-de, onda gomoseksual gatnaşyklary “propaganda etmekde” günäli tapylan žurnalistleriň hem jogapkärçilige çekiljekdigi bellenilýär.

Gürrüňi gidýän kanun taslamasy lesbianlaryň, geýleriň, biseksuallaryň we transgenderleriň hukuklaryny goraýan jemgyýetler ýaly toparlary döretmegi hem gadagan edýär.

XS
SM
MD
LG