Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl Palestinanyň ykrar edilmegine garşy


Ysraýyl Britaniýanyň parlamentiniň Palestina döwletini ykrar etmek boýunça geçiren simwoliki ses berişliginiň Ýakyn Gündogarda parahatçylyk prosesine zeper ýetirýändigini aýdýar.

Britan parlamentiniň 13-nji oktýabrda ses berişlik geçirip, Palestina döwletini ykrar etmegi rekomendasiýa häsiýetine eýe bolýar we hökümetiň syýasatyny üýtgetmäge mejbur etmeýär.

Palestinany azat ediş guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Hanan Aşrawi Britaniýanyň parlamentindäki ses berişligi prinsipial karar we adalat hem parahatçylyk ugrundaky iňňän wajyp ädim diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG