Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Orsýete doňuz etini eltýär


Hytaý soňky onýyllykda ilkinji gezek Orsýete doňuz etini eksport etdi. Orsýetiň azyk önümleriniň standarty boýunça döwlet agentliginiň 13-nji oktýabrda çap eden beýannamasynda orsýetli ekspertleriň Hytaýa baryp, bu ýurtdan Orsýete iberilen 800 tonna doňuz etiniň önümçiligine gözegçilik edendigi habar berilýär.

Orsýet Hytaýdan et importyna 2004-nji ýylda gadagançylyk girizipdi we muny mallaryň toýnak we şah keselinden howatyrlanmalar bilen düşündiripdi.
Bu gadagançylyk Hytaýda başlanan we tutuş dünýäde müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan SARS ýagny agyr dem alyş keselçiliginiň epidemiýasynyň yzýany edilipdi.

Orsýet Hytaýyň kompaniýalaryna Orsýete eti eksport etmäge 19-njy awgustda, ÝB-niň, ABŞ-nyň we beýleki günbatar ýurtlarynyň azyk önümleriniň importyna gadagançylyk girizensoň rugsat berdi.

XS
SM
MD
LG