Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul: Söweşijileriň lideri öldürildi


Demirgazyk Owganystanda “Jundullah” atly söweşiji toparyň lideriniň öldürilendigi habar berilýär.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk boýunça direktoratynyň metbugat wekili Hasib Siddiki 17-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda Kori Zubair ady bilen hem tanalýan Mullah Şamsuddiniň we ýene bir söweşiji komandiri Kori Asadyň howa zarbalarynda öldürilendigini mälim etdi.

Siddikiniň sözlerine görä, Zubair demirgazyk Owganystanda ýokary derejeli hökümet resmisini öldürmek baradaky dildüwşige gatnaşypdyr.

Owgan aňtaw gullugynyň berýän maglumatyna görä, “Özbegistanyň yslam hereketi” atly topar Owganystanda “Jundullah” ady bilen hereket edýär.

Täjigistanda resmiler “Jundullah” toparynyň agzasy diýip, birnäçe adamy tussag etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG