Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Orsýet gaz dawasyny çözmäge golaýlaýar


Ukraina we Orsýet, Italiýadaky gepleşiklerden soň tebigy gaz üpjünçiligi üstündäki dawalaryny çözmekde öňegidişligiň bardygyna yşarat etdiler.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 17-nji oktýabrda Milanda üç gezek duşuşdy.

Poroşenko duşuşyklardan soň «biz gaz meselesinde belli bir progres gazandyk, emma entek käbir gepleşilmeli detallar bar» diýdi.

Ol 21-nji oktýabrda Broýusselde, ÝB resmileriniň hem gatnaşmagynda geçiriljek gaz gepleşiklerinden öň jemleýji ylalaşyga gelinmegine umyt bildirdi.

Putin hem ylalaşyga golaý gelnendigini syzdyrdy, emma Ukraina Orsýete gaz kesilmezinden öň alan gazy üçin eden bergilerini üzmeli diýdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland gaz ylalaşygyny «elýeterli» diýip suratlandyrdy.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak taraplaryň esasy parametrlerde ylalaşandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG