Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haj zyýaratyndan gelenler barlandy


Haç zyýaratçylary saglyk barlagyna äkidildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:18 0:00

Haç zyýaratçylary saglyk barlagyna äkidildi

Türkmen hökümeti tarapyndan haja ugradylan zyýaratçylar geçen anna güni, ýagny 17-nji oktýabrda Aşgabadyň aeroportyna gelip gonanda, olar medisina barlagyndan geçirilmek üçin dessine ýerli keselhanalara ugradyldy. Harbylaryň düzen "diri diwary" sebäpli zyýaratçylaryň töweregine hiç kim eltilmedi.

Türkmen resmileriniň haj zyýaratçylaryna gönükdirip amala aşyran bu çäresi Afrikada “Ebola” atly wirusyň ýaýramagy barada dünýä metbugatynda çykan habarlaryň yzýanyna gabat geldi. Emma bu çäräniň “Ebola” wirusy” bilen ilteşikli bolup-bolmandygy barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda hiç hili habar berilmedi.

Azatlyk Radiosyndan Sahra Ghulam Nabi Aşgabadyň aeroportynda bolan bu waka barada has jikme-jik maglumat almak üçin, wakanyň bolan güni haj zyýaratyna giden dogan-garyndaşyny garş almaga aeroporta baran radionyň habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:02 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG