Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ýokary derejeli resmi öldi


Eýranda “Ekspertler Assambleýasy” atly iň güýçli edaranyň başlygy öldi.

21-nji oktýabrda Eýranyň metbugat serişdeleri 83 ýaşyndaky Aýatollah Mahdawi Kaniniň (Ayatollah Mahdavi Kani) ýürek näsazlyklary zerarly aradan çykandygyny habar berdi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Kaniniň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýurtda iki gün ýas yglan etdi. 1980-nji ýyllarda Kani premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji we içeri işler ministri wezipelerinde işläpdi.

Aram konserwator diýlip hasaplanylýan Kani 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri “Ekspertler Assambleýasy” atly edaranyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

“Ekspertler Assambleýasy” atly edara Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysyny wezipä bellemek we ony wezipesinden boşatmak, şeýle-de onuň işine gözegçilik etmek işini ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG