30-njy oktýabr sowet döwrüniň syýasy repressiýalarynyň pidalarynyň güni hasaplanýar. Pidalaryň hatyrasyna matam tutmak üçin sene hökmünde 1974-nji ýylda Mordowiýada syýasy tussaglaryň SSSR-däki syýasy repressiýalara garşy protest bildirip, açlyk yglan eden güni saýlanyp alnypdy. Orsýet sowet respublikasy syýasy repressiýalaryň pidalarynyň gününi bellemek boýunça karary 1991-nji ýylda kabul etdi we şondan bäri tutuş ýurt boýunça ýylda matam çäreleri geçirilýär.
Sowet sistemasynyň totalitar režiminden ejir çekenleriň takyk sany şu günki güne çenli belli däl. Resmi maglumatlarda millionlarça sowet raýatynyň bigünä repressiýa edilendigi aýdyldy. Şu günki gün köpçülik üçin elýeterli dokumentlerde repressiýalaryň pidalarynyň arasynda türkmenleriň atlary, şol sanda Türkmenistanyň ilkinji ýolbaşçylary Gaýgysyz Atabaýewiň we Nedirbaý Aýtakowyň hem atlary bar.
Sowet sistemasynyň syýasy repressiýalarynyň pidalary Türkmenistanda şu gün ýatlanýarmy?