Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda onlarça adam tussag edildi


Pakistanyň polisiýasy “Gurhan” kitabyna dil ýetirmekde aýyplanan hristian jübüdiň ölümi bilen ilteşikli 40-dan gowrak şübhelini tussag etdi.

Pakistanyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, 4-nji noýabrda Punjab welaýatynyň Kot Radha Kişan şäherçesindäki musulmanlaryň üýşmeleňi Şehzad Masihi we onuň aýaly Şamany ýenjip, öldüripdir we soňra olaryň jesedini otlapdyr. Bu waka Pakistanda hudaýa dil ýetirmekde aýyplanyp, azlykdaky jemgyýetlere garşy köpçülikleýin amala aşyrylan ýowuzluklaryň iň soňkusydyr.

Premýer-ministr Nawaz Şarif hristian jübüdiň öldürilmegini “kabul edip bolmajak jenaýat” diýip atlandyrdy. Punjabyň baş ministri Şahbaz Şarif wakanyň derňewlerini çaltlaşdyrmak maksady bilen üç agzadan ybarat komiteti düzdi we hristianlaryň ýaşaýan territoriýalarynda howpsuzlygy güýçlendirmegi üçin welaýat polisiýasyna tabşyryk berdi.

XS
SM
MD
LG