Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Hameneýä hat ýazdy diýilýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýä gizlin hat ýazandygy habar berilýär. Oktýabr aýynda ýazylan bu hatyň mazmunynda Yrakdaky we Siriýadaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşmek barada bellenilendigi aýdylýar.

"The Wall Street Journal" habar websahypasynyň 6-njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, Obama öz hatynda islendik hyzmatdaşlygyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça 24-nji noýabra çenli gelinjek ylalaşygyň çäginde boljakdygyny nygtaýar.

Ak tamyň metbugat sekretary Joş Irnset (Josh Earnest) gürrüňi gidýän raport barada maglumat bermekden saklanyp, Birleşen Ştatlaryň Eýran dogrusyndaky syýasatynyň “üýtgewsizligine galýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de, Irnest Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşde Eýran bilen harby hyzmatdaşlyk etmez diýdi.

XS
SM
MD
LG