Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Aşgabada sapar edýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan iki günlük resmi sapar bilen 6-njy noýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy.

Türkiýäniň prezidenti wezipesine girişenden soň, Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýan Erdogan 7-nji noýabrda habarçylara beren maglumatynda “Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda öňden bar bolan ýakyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem gülläp-ösjekdigini” aýdyp, türki dilli iki ýurduň arasynda söwda, medeniýet, turizm we gurluşyk pudaklary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini belledi.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “global parahatçylygy we abadançylygy dikeltmekde Türkiýe bilen Türkmenistanyň umumy duruşlara eýedigini” aýtdy.

Ýeterlik mukdarda tebigy gaza eýe bolan Türkmenistan öz gazyny Ýewropa bazaryna çykarmak üçin Türkiýäni potensial tranzit ýurt hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG