Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“AI” özbek tussagy barada aladalanma bildirýär


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Russiýada alnyp gaçylyp, Özbegistana dolanmaga mejbur edilen özbek raýatynyň ykbaly barada aladalanma bildirýär.

Düýbi Londanda ýerleşýän guramanyň 6-njy noýabrda beren maglumatynda özbegistanly işewür Mirsobir Hamidkariýewiň iýun aýynda Moskwada rus resmileri tarapyndan alnyp gaçylandygy we Özbegistana dolanmaga mejbur edilendigi bellenilýär.

Hamidkariýewiň aklawçysyna salgylanyp berilýän maglumatda ekstremizm aýyplamalaryny boýun almaga mejbur etmek maksady bilen işewüriň ýurduň hukuk goraýjy resmileri tarapyndan gynamalara sezewar edilendigi bellenilýär.

“Amnesty International” guramasynyň beýanatynda Hamidkariýewiň has köp gynamalara sezewar edilip bilinjekdigi aýdylyp, onuň sud işiniň adalatly geçirilip-geçirilmeýändigi barada aladalanma bildirilýär.

XS
SM
MD
LG