Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýunusyň aklawçysyna gadaganlyk girizildi


Azerbaýjanda ýene bir aklawçy adam hukuklaryny gorap çykyş edýän azeri aktiwisti Leýla Ýunusyň sud işine garamakdan mahrum edildi.

Aklawçy Halid Bagirowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, oňa 5-nji noýabrda Bakuwyň deslapky tussaghanasyndaky müşderisi bilen duşuşmagyna rugsat berilmändir.

Bagirowa Ýunusy gorap çykyş etmeginiň Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy tarapyndan gadagan edilendigi mälim edilipdir, ýöne munuň sebäpleri barada hiç hili maglumat berilmändir.

Geçen hepde Ýunus başga bir aklawçysy Jawad Jawadyň özüne sudda wekilçilik etmeginiň gadagan edilendigini aýdypdy.

57 ýaşyndaky Ýunus Azerbaýjanda adam hukuklarynyň bozulmalaryny berk tankyt edýän aktiwist bolup, ol we onuň 59 ýaşyndaky adamsy Arif Ýunus iýul we awgust aýlarynda tussag edilipdiler. Olar ýurda dönüklikde, Ermenistana içalyçylyk etmekde, bikanun biznes işlerini amala aşyrmakda, resminamalary galplaşdyrmakda we bidüzgünçilikde aýyplanýarlar.

Azeri jübüt özlerine ýöňkelýän aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG