Amerikan harbylary Yrakdaky «Yslam döwletiniň» liderlerini nyşana alandygyny aýdýar.
ABŞ-nyň uly derejeli goranyş resmileri 7-nji noýabrda urlan tapgyrlaýyn howa zarbalarynyň Mosulyň golaýynda 10 ulagdan ybarat konwoýy weýran edendigini aýdýarlar.
Ol resmiler nyşana alnanlaryň arasynda YD-ynyň baştutany Abu Bakr al-Bagdadiniň bolup-bolmandygyny tassyklap bilmediler, ýogsa onuň ýaradar bolandygy barada hem maglumatlar bar.
Al-Bagdadi Yrakda we Siriýada eýelän giňişliginde özüni halyf diýip yglan etdi.