Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Kremli “ody tutaşdyrmazlyga” çagyrýar


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ýen Psaki

Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) Russiýany gündogar Ukrainadaky jeňçi separatistleri täze ýarag we beýleki kömekler bilen üpjün edip, “ody tutaşdyrmagy” bes etmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ýen Psaki bu meselede çykyş edip, Waşingtonyň “Russiýanyň Donbas sebitindäki separatistlere tanklary we beýleki agyr tehnikany ugradyp, sebiti harbylaşdyrmagyny” ýazgarýandygyny aýtdy.

10-njy sentýabrda edilen bu çykyşdan öň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) gözegçileri separatistleriň kontrollygyndaky regionda agyr ýaraglaryň kerwenini görendikleri barada maglumat beripdiler.

Psaki Russiýany we separatistleri 5-nji sentýabarda Minskde gelnen ýaraşyk ylalaşyklaryny bozmakda aýyplady. Şeýle-de ABŞ-nyň resmisi, “eger-de Moskwa [Ukrainany] durnuksyzlaşdyryjy we howply hereketlerini dowam etdirse”, onda munuň üçin tölenmeli tölegiň artjakdygyny duýdurdy.

Psaki, eger-de Moskwa, dogrudanam, gündogar Ukrainada parahatçylygyň bolmagyny isleýän bolsa, bu ugurda has köp tagalla etmelidigini aýtdy.

Russiýa mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alandan soň, şeýle-de ýurduň gündogarynda gozgalaň turzan iki sebitiň separatistlerini goldap başlandan soň, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy ençeme tapgyr ykdysady sanksiýalary girizdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we rus lideri Wladimir Putin Pekinde geçirilýän Aziýa-Pasifik forumynyň çäginde, 10-11-nji noýabr aralygynda ençeme gezek gysga wagtlyk görüşdiler. Emma bularyň dowamynda Ukrainadaky meseleleriň maslahat edilip-edilmändigi belli däl.

8-nji noýabrda ÝHHG separatistleriň gözegçiligindäki regionda üstünde hiç bir tapawutlandyryjy alamat bolmadyk agyr harby tehnikanyň geçendigini tassyklady.

Moskwa Ukrainadaky orsýetparaz jeňçilere ýarag iberýändigini yzygiderli inkär edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG