Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Mermorialyň” sud işi soňa goýuldy


Russiýanyň Ýokary sudy “Memorial” atly tanymal adam hukuklaryny goraýan guramanyň sud işiniň çözülmegi bilen baglanyşykly sud diňlenişigini 17-nji dekabra çenli soňa goýdy.

Russiýanyň Adalat ministrligi ýurduň sudundan “Memorialyň” kanuny taýdan hasaba alnyşy baradaky meseleler bilen ilteşikli guramanyň ýapylmagyny sorapdy we sud diňlenişiginiň 13-nji noýabrda geçirilmegi planlaşdyrylypdy.

Russiýanyň Ýokary sudy “Mermorial” guramasy bilen baglanyşykly sud işiniň soňa goýulandygyny mälim etdi, emma munuň sebäpleri barada henize çenli jikme-jik maglumat bermedi.

“Memorial” guramasy 1989-njy ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty Andreý Saharowyň hemaýatkärliginde döredilipdi.

XS
SM
MD
LG