Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gani Pakistana sapar edýär


Pakistan we Owganystan ykdysady we söwda gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.

“Radio Pakistanyň” maglumatyna görä, bu baradaky ylalaşyga 14-nji noýabrda owgan prezidenti Aşraf Gani bilen Pakistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçirilen ýygnakda gelindi.

Gani sentýabr aýynda wezipesine girişeni bäri ilkinji gezek Yslamabada resmi saparyny amala aşyrýar. Onuň bu iki günlük saparynyň dowamynda Pakistanyň premýer-ministri, prezidenti we harby ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG