Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington ybadathanasynda namaz okaldy


14-nji noýabrda Waşingtondaky milli ybadathanada onuň taryhyndaky ilkinji musulman namazy okaldy.

Bu däp bolan juma namazy bolup, oňa bäş musulman toparynyň wekilleri gatnaşdy.

Episkopal ybadathanasynda prezidentleriň jaýlanyş dabaralary, inagurasiýa dabaralary we beýleki milli ähmiýetli çäreler geçirilýär.

1893-nji ýylda Kongresiň karary esasynda kepillendirilen ybadathana Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilmeýär.

Musulmanlar ybadathanadaky ynançara hyzmatlaryň bir bölegi bolup durýarlar, emma bu musulmanlaryň bu ýerde namaz okan ilkinji gezegi boldy.

XS
SM
MD
LG