Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransis ABŞ-a etjek saparyny tassyklady


Rim papasy Fransis 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Ştatlaryna sapar etjekdigini mälim etdi. Bu Fransisiň Rim Katolik kilisesiniň lideri hökmünde Birleşen Ştatlaryna etjek ilkinji saparydyr.

17-nji noýabrda Watikanda eden çykyşynda papa Fransis “Maşgalalaryň bütindünýä duşuşygyna” gatnaşmak üçin Filadelfiýa gitjekdigini aýtdy. Gürrüňi gidýän duşuşyk kilisäniň maliýe goldawlary esasynda her üç ýylda bir gezek geçirilýär.

Ençeme aý dowam eden spekulýasiýalardan soň, Birleşen Ştatlar saparyň amala aşyryljakdygynyň resmi taýdan tassyklanylmagyna garaşýardy.

Rim papasynyň amala aşyrjak bu saparynyň dowamynda Ak tama, Birleşen Ştatlaryň Kongresine, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasyna barmagyna garaşylýar. Emma bu barada Rim papasynyň çykyşynda agzalyp geçilmedi.

XS
SM
MD
LG