Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro gepleşikleri boýunça kynçylyk bar


Ýadro meslesi boýunça halkara gepleşikleri, Wena, 21-nji noýabr, 2014
Ýadro meslesi boýunça halkara gepleşikleri, Wena, 21-nji noýabr, 2014

Tähranyň we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň wekilleri 23-nji noýabrda ýadro meseleleri boýunça gepleşikleri doňup duran ýerinden gozgamak boýunça gepleşiklerde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 22-nji noýabrda eden çykyşynda gepleşikleri alyp barýan taraplaryň “öňegidişlik gazanmak ugrunda” iş alyp barýandygyny belledi, emma “uly boşlugyň” henizem galýandygyny aýtdy.

Kerri 22-nji noýabrda Wenada Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen üç günüň dowamynda dördünji gezek duşuşmak üçin Pariže saparyny yza tesdirdi.

ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Orsýet we Germaniýa Eýranyň ýadro ýaragyny döretmejegine kepil geçýän ylalaşyk baglaşmak ugrunda Tähran bilen gepleşik alyp barýarlar we öz tarapyndan halkara ykdysady sanksiýalarynyň gowşadylmagyny wada berýärler.

XS
SM
MD
LG