Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Täze taslama maslahat edilýär


Gyrgyzystanyň parlamenti daşary ýurtdan maliýe serişdesini kabul edýän hökümete degişli bolmadyk guramalara “daşary ýurt agenti” statusyny kesgitleýän dawaly kanun taslamasyny maslahat edýär.

24-nji noýabrda, ýagny kanun taslamasynyň ýurduň kanunçykaryjylary tarapyndan maslahat edilýän mahaly, Gyrgyzystanyň Adalat ministrligi gürrüňi edilýän kanuna zerurlygyň ýokdugy barada beýanat ýaýratdy.

Ministrlik milli howpsuzlygy goramak üçin ýurtda bar bolan kanunçylygyň ýeterlikdigini aýdyp, ýurtdaky hökümete degişli bolmadyk guramalaryň gaýtadan hasaba alynmagynyň maliýe taýdan gymmada düşjekdigini belledi.

Gürrüňi gidýän kanun taslamasyny gorap çykyş edýänleriň biri Nurkamal Madaliýew Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda “çalt depgin bilen üýtgeýän dünýäde köne kanunyň Gyrgyzystanyň milli howpsuzlygyny üpjün edip bilmejekdigi” sebäpli, täze kanuna zerurlygyň barydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG