Owganystanyň paýtagtynda amala aşyrylan hüjümde iki daşary ýurt harbysy öldürildi.
NATO-nyň berýän maglumatyna görä, 24-nji noýabrda “Owganystanyň gündogarynda amala aşyrylan hüjümde NATO-nyň iki harbysy öldürilipdir”.
NATO öldürilen iki esgeriň milleti ýa-da hüjümiň bolan ýeri barada goşmaça maglumat bermedi.
Kabul şäher polisiýasynyň ýolbaşçysynyň metbugat wekili Haşmat Stanekzaý motosikle ýerleşdirilen bombanyň şäheriň gündogar bölegindäki daşary ýurt harby kerweniniň golaýynda partladylandygyny habar berdi.
Şeýle-de, Stanekzaý partlamada parahat ilatdan bir adamyň ýaralanandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Şu ýylyň dowamynda Owganystanda 63 daşary ýurt, şol sanda Birleşen Ştatlaryň 46 sany harbysy öldürildi.