Çehiýanyň prezidenti Milos Zeman Gazagystana edýän saparynyň çäginde gazak kärdeşi Nursultan Nazarbaýew bilen gepleşikleri geçirdi.
Nazarbaýewiň metbugat gullugynyň beren maglumatyna görä, iki ýurduň prezidentleri ikitaraplaýyn söwda, ykdysady, oba-hojalyk we medeni gatnaşyklar, şeýle-de häzirki halkara meseleler barada maslahat edipdirler.
Gepleşiklerden soň, Nazarbaýew Gazagystanda bilelikdäki gazak-çeh kompaniýalarynyň 70 sanysynyň iş alyp barýandygyny belläp, Çehiýa respublikasynyň öz ýurdy üçin möhüm ykdysady partnýordygyny aýtdy.
Iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky gepleşiklerden soň geçiriljek “Gazak-çeh biznes forumynda” maliýe gymmaty 450 million amerikan dollaryna barabar bolan 13 sany ylalaşyga gol goýulmagyna garaşylýar.
Zemanyň Gazagystana edýän iki günlük resmi sapary 25-nji noýabrda tamamlanýar.