Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berlin: Rus aktiwisti gaçybatalga sorady


Gomoseksuallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän russiýaly tanymal aktiwist we žurnalist Germaniýadan syýasy gaçybatalga sorady.

Artur Ahmetgaliýew Sank-Petrbugryň “100TV” atly telekanalynda habarçy bolup işleýärdi.

Onuň Russiýada gomoseksuallaryň hukuk bozulmalary barada taýýarlan ençeme gepleşikleri uly seslenme döredipdi. Şol gepleşikleriň käbirleri 2012-nji ýylda Sank-Peterburgyň resmileri kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda geý “propogandasyny” ýaýratmagy jenaýatlaşdyrýan kanuny kabul edensoň taýýarlanylypdy.

Ahmetgaliýew özüne telefon arkaly we lesbianlaryň, geýleriň, biseksuallaryň we transgenderleriň (LGBT) köpçülikleýin üýşmeleňleri döwründe ençeme haýbatlaryň atylandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG