Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň täze parlamenti duşuşýar


Ukrainanyň prezidenti petro Poroşenko we ukrain parlamenti. 27-nji noýabr, 2014 ý.
Ukrainanyň prezidenti petro Poroşenko we ukrain parlamenti. 27-nji noýabr, 2014 ý.

Ukrainanyň täze saýlanan parlamenti 27-nji noýabrda özüniň ilkinji ýygnagyny geçirýär.

Ukrainada 26-njy oktýabrda geçirilen saýlawlarda Günbatar tarapdary partiýalar, şol sanda prezident Petro Poroşenkonyň blogy we premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň “Halk fronty” partiýasy üstünlik gazanypdy.

Poroşenko ýurtda geçirilen oppozision protestleriň yzýany Moskwa tarapdary prezident Wiktor Ýanukowiç häkimiýetden çetleşdirilenden sekiz aý soň, Ukrainanyň täze ugruny kesgitlemek maksady bilen möhletinden öň saýlawlary geçirmäge çagyryş edipdi.

25-nji noýabrda Poroşenko şu hepdäniň dowamynda täze hökümeti düzmek dogrusynda ilkinji ädimleriň ädiljekdigi barada wada beripdi.

Birleşen Ştatlar we Günbataryň beýleki hökümetleri Kiýewi oktýabr aýynda geçirilen saýlawlaryň yzýany, hökümeti düzmek we Günbataryň ýardamlary bilen ilteşikli zerur bolan reformalary amala aşyrmak meselesinde şowsuz bolmakda aýyplapdy.

XS
SM
MD
LG